turklehceleri.org

myhman

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

myhman

[my:hma:n], at. 1. Biriniň öýüne görme-görşe, gezelenje gelen adam, gonak; bir sebäp bilen biriniň öýünde düşlän adam. Mert çykar myhmana güler ýüz bile, Namart özün gizlär, myhman ýoluksa (Magtymguly). 2. Ýygnaga, maslahata we ş.m. başga ýerden çagyrylan adam. 3. Bir ýere seýrek gelip-gidýän adam. Ol hemişe öýüne myhmandy, mydama iş saparynda bolýardy.
 ‣Myhman almak 1) başga ýerden gelen bir adamy bir-iki günlük onuň haýyşyna görä wagtlaýynça öýüňde saklamak. 2) göç.m. ölen adamy dürli sebäplere görä ölen güni jaýlaman, ertire çenli saklamak. Myhman bolmak biriniň öýünde belli bir möhlete çenli galmak, wagtlaýyn düşlemek. Myhman gelmek durmuşa çykýan gyzy äkitmäge gelnalyjy gelmek. Taňry myhmany tötänden gelen myhman.


Son arananlar: