turklehceleri.org

galdyrmak

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

galdyrmak

[gallyrmak], işl. 1. Ýerinden ýokaryk götermek, ýerinden örküni üzmek. Kerpiçleri galdyrmak. 2. Dik duruzmak, dikeltmek. Bu söz ony ýerinden galdyrdy. Goltgy berip galdyrmak.3. Bir zadyň üstüne çykarmak, öňki ýerinden göterip, ýerbe- ýer edip goýmak, ýygnamak. Ýorgan-düşekleri galdyrmak. Tutyny galdyrmak.4.Örüp, gor goýup beýgeltmek, boýuny ýetirmek, salmak, dikeltmek. Jaýyň bir ganatyny galdyrmak. 5. Ukudan turuzmak, oýarmak. Onuň galmagaly ýatan adamlary galdyrdy. 6. Öňki derejesinden ösdürmek, ýokary götermek, artdyrmak. Türkmen saz sungatynyň abraýyny galdyrmak.7. göç.m. Baş götermek, galkyndyrmak. Halky göreşe galdyrmak. 8. göç.m. Keselden gutarmak, sagaltmak. Kesellini şu derman galdyrdy.


GALDYRMAK [ga:llyrmak], işl. 1. Taşlap, goýup gitmek, görüp, bilip alman gitmek. 2. Ýaryşda we ş.m. ozup, yzda goýmak, yzda goýup, öňe saýlanmak. Tiz wagtdan olar yzynda çal tozan galdyryp barýan topbak nokada öwrüldiler (“Türkmenistan”). 3. Ýatdan çykaryp goýup gaýtmak, goýup gitmek. Äýnegi öýde galdyrmak. 4. Goýbolsun etmek, soňa goýmak, başga wagta geçirmek. Çynlakaý meseläni sowatmazlyk üçin, ol beýleki meseläni entek galdyryp söze başlady (B. Kerbabaýew). 5. Kömekçi işlik hyzmatynda gelip, ysnyşyp gelýän atlar bilen baglanyşykly many aňladýar.


Son arananlar: