turklehceleri.org

Aždarha

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

aždarha

[aždarha:] at. 1. Hyýaly ertekilerde, köplenç, gahrymana garşy çykyş edýän köp kelleli, örän ullakan ýylan, aždar. Ýeriň arkasynda, gençli daglarda, Aždarha eýelär zawuň ýagşysyn (Magtymguly). Aždarhadyr, marlarydyr güwlener, Aýrak, goç, ak maral munda suwlanar (Misgingylyç). 2. göç.m. Gara ýer, ýuwdarha. Ýedi başly aždarha- adamzatdan doýan ýok (Mätäji). Seniň şu dünýäňe mährim gitmeýär, Gara ýeriň – aždarhanyň barynda (Kemine).


Son arananlar: