turklehceleri.org

ökje

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

ökje

[ökjö] I, at. 1. Dabanyň yzky tarapy, dabanyň topukdan aşaky etlek, ýumşak bölegi. Bir ýodada ökjämi tiken sypjyrdy diýip, men indi başga ýollary terk edäýmelimi? (B. Kerbabaýew). 2. Aýakgabyň yz tarapyny beýgeltmek üçin onuň aşagyna berkidilýän teletin ýa-da rezin bölekleri. Men ýaş wagtymda oňat eşikler we ökjesi beýik köwüşler geýip işe giderdim (N. Pomma). Ädigiň ökjesine nal kakdyrdym.
 ‣ Ökje götermek gaçyp gitmek, aýagaldygyna gaçmak. Çory şol ýerden yzyna bakan ökjäni göterdi (“Nejep oglan”). Ökje ogurlamak birinden ýörite yza galyp başlamak, ýuwaş-ýuwaşdan yza galmak. Wüşi kel ädim ätmegini haýalladyp, ökje ogurlamaga jan edýär (A. Gowşudow).Ökjesine düşmek (münmek) yzyndan kowalamak. Ökjesine sabyn urmak eglenmezlik. Ökje sydyrtmak biriniň yzyndan galman ýöremek. Ökjesi ýeňlemek 1) çalt ýöremek, çalasyn hereket etmek. 2) aýak üstünde gezip ýörkä şähdi açyk görünmek, keýpi kökelmek. Onuň ökjesi ýeňläpdir, bir gowulygyň üstünden bardymyka diýýän. Ökjesi ýere degmezlik (ilmezlik) bir zada begenip, şadyýan bolmaklyk, çalasyn hereket etmeklik.


ÖKJE [ökjö] II, at. Gazy-haşar işiniň gutaran ýeri, aýagujy.


Son arananlar: