turklehceleri.org

süňk

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

süňk

at. 1. Adam, haýwan bedeniniň daşyna et ören gaty süýekleri. 2. göç.m. Beden, göwre.
 ‣ Süňk başyiri süňkleri iri, süňklek, daýaw, berdaşly (adam hakynda). Gara öýüň ortasyndaky ojakda alawlap ýanýan otdan nazaryny sowman oturan ýaşy elli çemesi, süňk başy iri, ýüzi nurana kişi egnine ýasgynjak atynan possunynyň ýakalaryny çekişdirip, syýyny ýygnap, has-da tijendi (Gurbanguly Berdimuhamedow, Älem içre at gezer). Süňk getirmek malyň aýagy zarbygyp, ownuk süňklerine zyýan ýetip, süňk döremek. Süňk hossary adamyň ýakyn dogan-garyndaşlary. Süňklerinden torba asaýmaly örän hor, arryk düşen, süňkleri somalyşyp duran. Süňk tapan it ýaly bolmak bir zada begenmek, ýylgyrmak. Süňk (süňňüni) yzarlamak aslyna, gelip çykyşyna garamak.


Son arananlar: