turklehceleri.org

okamak

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

okamak

[okomok], işl. 1. Ýazylan zady sesli beýan etmek ýa-da içiňden sessiz gözden geçirmek, tanyşmak. Magtymguly dikelip oturdy-da, ýaňyja tamamlan setirlerini penjirä bakan tutup, howlukman dykgat bilen okamaga durdy (G. Kulyýew). 2. Sowat, bilim almak, ylymly, bilimli bolmak üçin okuw mekdebinde tälim almak. 3. Dem salmak, doga sanamak. 4. Aýtmak, diýmek. Biçäre Dilaram derdini beýan kylyp, bir gazal okady (“Melike–Dilaram”). Gurhan okamak. Aýat okamak. 5. göç.m. Biri ýa-da bir zat hakynda birine birsyhly gep bermek.
 ‣Namaza durmak namazlygyň üstüne geçip, namaz okamaga başlamak. Namaz okamak musulmanlarda: bäş wagt namaz parzyny günde bäş wagtyna namaza durup, aýat okap eglip-galmak arkaly berjaý etmek. Ertir namazyny okamak. Öýle namazyny okamak. Ikindi namazyny okamak. Agşam namazyny okamak. Ýassy namazyny okamak.


Son arananlar: