köýdürmek
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
köýdürmek
[köýdürmök], işl. 1. Bir zady otda öte gowurmak, ýakyp zaýalamak. Ol tamdyra ýapan çörekleriniň birnäçesini gülledipdir, ody köp salyp köýdüripdir. 2. göç. m. Biriniň janyny ýakmak, çykgynsyz ýagdaýa salmak, bagryny ýakmak. Näz bilen köýdürme bizi, Gyz juwan, suw ber içeýli (“Görogly”). 3. göç. m. Puluň hümmetine görä düşýän harydy alman, ony biderek zada harç etmek, biderek zada sowmak, ýerliksiz harçlamak. Maňa bir eden zadyňam bolmaz-da, diňe şol puly köýdürersiň (B. Kerbabaýew). 4. göç.m. Pul çalşygynda bar bolan pullaryňy bellenen möhletde täze pula öwürmän, olaryň köýmegine sebäp bolmak, ýerine täze pul alyp bilmezlik. Şu aýyň içinde pullaryňy täze pula çalyşmasaň, hemmesini köýdürersiň.