turklehceleri.org

gysym

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

gysym

at. Eliň ýumlan barmaklarynyň arasyndaky boşluk, şeýle hem şol boşluga sygýan zat. Bir gysym gum. Iki gysym gowurga.
 ‣ Gysymyňa gysmak birine öz diýeniňi etdirmek, biriniň erkini almak. Gysymynda saklamak biriniň erkini öz ygtyýaryňa almak, öz ugruna goýbermezlik, berk tutmak. Bir gysym bolmak gatyhorlanyp, göwresi kiçelmek. Bir gysym bolup oturmak göwnüçökgün halda kibitini gysyp oturmak. Ol gap böwürde bir gysym bolup otyrdy.


Son arananlar: