duşmak
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
duşmak
[du:şmok], işl. 1. Bir ýerden gellýärkaň ýa-da dir ýere barýarkaň duş gelmek, sataşmak, gabat gelmek. “Bir göreniňi öwme-de, syndyrma-da’’ diýen ýaly, bir göreniň, iki duşanyň bilen adamyny tanamak örän kyn (B. Kerbabaýew). 2. Gylyk-häsiýeti, hereketi boýunça biri-birine laýyk, deň, meňzeş bolmak. Siziň ikiňizem duşupsyňyz! 3. Bir ýagdaýa sezewar bolmak, duçar bolmak, uçramak. Birnäçe burawlaryň şowsuz geçmegi, aýylganç heläkçilige duşmagy, her teňňesi derden emele gelýän döwlet maýasynyň ilki-bada dereksiz sarp bolmagy-da mümkin (B. Kerbabaýew). 4. Şowuna düşmek, ýerine düşmek, oňuna bolmak. Onuň käri duşdy.