turklehceleri.org

bejermek

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

bejermek

işl.1. Ýeri, ekin meýdanyny sürüp, suwaryp, ekişe taýýarlamak, bejergi işini geçirmek. Ýaş üzümi oňat ösdürmek üçin ony hem bejermeli, hem suwarmaly. 2. Döwük-ýenjigini, kemini-kössüni düzetmek. 3. Gözegçilik etmek, ideg etmek, idetmek. Oglanlykdan meni bakdyň, bejerdiň, Senden başga howandarym ýok meniň (“Şasenem – Garyp”). 4. Syrkawy keselinden halas etmek üçin lukmançylyk serişdelerini ulanmak, haýsydyr bir keseliň gutulmagy üçin onuň çäresini görmek; syrkawa seredip, keselden halas etmek, sagaltmak. 5. Tertibe salmak, ýygnaşdyrmak. Deslap haremhanany bejereýin (“Görogly”). 6. Keşde salmak, keşdelemek, nagyşlamak. Kürte bejermek. Jigim ýaka bejerýärdi.7. gepl.d. Gürrüňde bir zat barada ýerlikli, aýdaýmaly sözi aýtmak, oňarmak. Sen ony ýaňky jogabyň bilen bejerdiň, bolmasa ol gaty gidýär.


Son arananlar: