Kesilmek
Türkiye Türkçesi – Tatarca Sözlük (Ganiyev, 1998)
kesilmek
ф. киселү
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
kesilmek
işl. 1. Bitewi zadyň ýiti enjam bilen bölünişi, bölünip aýrylmagy. Hudaýýoly paýlanjak çörekler derrew kesilip taýyn edildi. 2. Gerekmejegi ýiti enjam bilen çapylyp, çyrpylyp aýrylmak, pudalmak. Kesilen çybyklary bogmak. Üzümler kesilip bolundy. 3. gepl.d. Janly soýulmak (goýun-guzy we ş.m. hakynda). 4. Tene ýarag urlup kesel bejerilmek, operasiýa edilmek. 5. Teniniň bir ýeri gyýylmak, tyg ýarasy düşmek. Men elimiň nädip kesilenini hem bilmän galdym. 6. Zaýalanmak, çüýremek. Gatyk basyrylan süýt kesilipdir. 7. Haýsydyr bir gymyldy-hereketiň (gatnaw, gatnaşyk, baryş-geliş, salamlaşmak we ş.m.) bes edilmegi. Olaryň gatnawy kesilen eken. 8. Bir zadyň sesiniň eşidilmesi galmak, sem bolmak. Aýdym sesi birdenka kesildi (B. Kerbabaýew). Agy sesi kesildi. 9. Haýsydyr bir zatdan mahrum edilmek; mahrum bolmak. Goýunlaryň gök otdan kesilenine ep-esli wagt bolan bolsa gerek. Agyr hassa iýmek-içmekden kesilipdir. 10. Dokalyp gutarylmak. Dokalyp kesilen halylaryň sany bir çene ýetendir. Dokan dokmamyzyň kesileni ýaňy dälmi näme? 11. Bölunmek, çäk goýulmak, serhet çekilmek.
Dîvânü Lugâti’t-Türk Dizini (TDK)
kesilmek
kesllmek· I, 339; II, 136, 137