Jyns
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
jyns
[jynys], at, biol. 1. Janly-jandaryň, şol sanda ynsanyň biologik taýdan urkaçylyk ýa-da erkeklik aýratynlygy. 2. Urug meňzeşligini görkezýän alamat. Biz-ä hemişe iki jynsdan emele gelene gatyr diýýärdik (B. Kerbabaýew). 3. Ynsanyň teniniň reňki boýunça aýratynlygyny görkezýän bir görnüşi. Garaýagyz jynsyň wekili. 4. geol. Ýer togalagynyň (şarynyň) gaty gatlagyny düzýän hem-de ýer gatlaklarynda emele gelýän mineral. Dag jynslary. 5. Ynsan neslinden bolmadyk mahluk. Men ol zadyň ynsdygyny, jynsdygyny bile bilmedim (“Görogly”).
‣ Jyns at (mal) arassa tohumdan bolan at (mal). Ýeňsesini tüňňerdip, agyzdyrygyny çeýneýän jyns al at toýnaklary bilen ýer peşedi (B. Kerbabaýew). Jyns atlardil b. bir jynsdan bolan umumy zady, düşünjäni aňladýan atlar. Jynsy üýtgemek ýüz-gözi, tüýsi üýtgemek.