turklehceleri.org

ýat

Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)

ýat

[ýa:t] I, at. Öň bolup geçen wakalary, täsirleri, duýgulary huşa getirip bilmek ukyby, huşda, pikirde saklap bilmek ukyby, hakyda. Onuň ýady kütelişipdir.
 ‣ Ýada salmak ýatlamak; ýada getirmek. Sag kenaryň sümmülleri şemala adaja tolkun atyp, birgeňsi sary deňzi ýada salýar (“Türkmenistan”). Ýadyndan çykarmak ýadyna düşmezlik, ýadyna salyp bilmezluik. Tolgunmadan ýaňa ol birbada şeýle pursatlarda uzyn gije taýýarlanyp oturan etsem- petsemlerini-de ýadyndan çykardy (Gurbanguly Berdimuhamedow, Älem içre at gezer, 9 s.). Ýat beklemek ser. Ýat tutmak. Ýat etmek häzir ýok adamy ýatlamak. Ýat edeýin, agam, seni (“Görogly”). Ýat tutmak sözleri, goşgyny, aýdymy ýadyňda galar ýaly derejede özleşdirmek.


ÝAT [ýa:t] II, at. 1. Garyndaşlyk, ýakynlyk gatnaşygy bolmadyk, garyndaş däl; keseki. Ýat illerde mysapyrlyk çekenden, Ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy (Magtymguly). 2.Tanyş bolmazlyk. Daýhançylyk, günlükçilik ýaly zatlar oňa ýatdy, pil-de, palta-da ýatdy (B. Seýtäkow). 3. göç.m. Ýassykdaş, ýanýoldaş. Başyň ýassyga ýetende, ogul-gyzyň ýatça bolmaz (Magtymguly). Oglumyň ýanynda ot bar, gyzymyň ýanynda – ýat (Atalar sözi).
 ‣ Ýedi ýat ýedi arkadan aňyrky, garyndaşlyk taýdan daşlaşan adamlar; bigäne, keseki. Ol ýedi ýat bilen guda bolup, ogluny öýermegi ýüregine düwdi.


Axir izdelgen sözler: