ýanbaş
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
ýanbaş
[ýa:nmaş], at. 1. But süňküniň çanaklyk bilen birleşýän ýeriniň gapdaly, ýanjyk. Çyg bolsa, ýanbaşym agyryberýär. 2. Adamyň iki gapdaly, tarapy, ýany. Mürze ýigit atlanar, Han gaşyna, ýar-ýar, Kesgir gylyç ýaraşar, Ýanbaşyna, ýar-ýar (Toý aýdymy). 3. Ýabyň derýadan baş alyp gaýdýan ýeri. 4. Ahal welaýatynda bir obanyň ady.
‣ Ýanbaşyňa almak türkmen göreşinde garşydaşyňy bir ýan gapdalyňa göterip ýykmak usuly, emel. Ýagşymyrat garşydaşyny ýanbaşyna alyp, ýere pylçap urdy (Ç. Matalow).