owadanlyk
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
owadanlyk
[owodonluk], at. 1. Daş görnüşi bilen özüne çekijilik, daş görnüşi göze ýakymlylyk, görmegeýlik, gelşiklilik, görklülik. Onuň syraty diýermiň, owadanlygy diýermiň – edil bolsady ekilen ýaly (B. Kerbabaýew). Daşdan görüp söýýänim, Ýeke owadanlygyň däl (A. Alamyşow). 2. Timarlylyk, rejelilik, bezeglilik, gözellik. Tüweleme, köçeleriň owadanlygyna gözüň gidýär.