gapan
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
gapan
I, at. Çöl haýwanlaryny, jandarlaryny tutmak üçin ýörite ýasalan tilsimli enjam.
‣ Gapana düşmek 1) towşan, tilki ýaly çöl haýwanlary gurlan gapan tarapyndan tutulmak. 2) aldawa düşmek, aldanmak, tutulmak. Belki bir köpbilmişiň pirimine aldanyp gapana düşendir (G. Gurbansähedow). Gapana mündürmek eýlesini- beýlesini ölçermek, amatly tarapyny gözlemek; agramyny saldarlap, barlap görmek. Gapan gurmak 1) çöl haýwanlary tutulýan gapany buljum ýerde gurup goýmak. 2) aldawa salmak, hile etmek, aldamak. Gapan keçesi ser. Gapankeçe. Ýüzüni gapan keçesi ýaly etmek aýdylan sözi ýüzüne almazlyk, aýdylan söz täsir etmezlik. Oňa näme diýeniň parhy ýok, ýüzüni gapan keçesi ýaly edip dur.
GAPAN II, at. Agyr hem uly zatlary çekmek üçin ölçeg guraly, uly ýasy terezi. Giň howlynyň derwezesinden giren ýeriňde iki sany çekim gapany durýardy (A. Gowşudow).
GAPAN III, at, gepl.d. Ýabany doňuz, ýekegapan.