turklehceleri.org

ýok

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

ýok

at. Bir zatdan ýokup galan, degen çyrşak, hapa. Gaplary ýuwanyňda nahar ýokuny gowuja aýyrgyn.
 ‣ Ýok bolmazlyk örän az bolmak; doýurmazlyk (nahar hakynda). Onuň ýaly bolsa, sen hem kömek eden ekeniň, ýöne ikimiz iýjek bolsak, bize ýokam bolmaz (“Türkmen halk ertekileri”).


ÝOK [ýo:k], 1. ugrukd s. Bir zat inkär edilende, biriniň ýa-da bir zadyň ýoklugy aňladylanda aýdylýar. Çyn ýagşynyň gahary bar, ýamany ýok (Nakyl). 2. Ýok zat, bolmadyk zat. Baryna kanagat, ýoguna – sabyr (Nakyl).
 ‣ Ýoga çykarmak ýok etmek, puja çykarmak, bar bolan zatdan dyndarmak. Wiý, sen-ä bar edilen işi ýoga çykardyň oturyberdiň! Ýoguna ýanmak (köýmek) 1) bir zady ýok etmek, ýitirim etmek, soňuna çykmak. Olar mende gural goýmadylar, hemmesiniň ýoguna ýandylar. 2) öldürmek, başyna ýetmek. Ýoguny çekmek ýok bolup gitmek, ýitirim bolmak. Ol ýaňy hem bardy-la, nirä ýoguny çekdikä? Ýogy çekilmek ýok edilmek, ýoguna ýanylmak. Sen gazan çukuryňa özüň düşensiň, indi bu dünýäden ýoguň-a çekildi (“Türkmen halk ertekileri”). Ýok bolmak 1) başyňy alyp gitmek, güm bolup gitmek, owarra bolmak, garaňy görkezmezlik. Agaýunus peri bular bilen görüşmek isledi, emma olar Agaýunus bilen görüşmän, gaýra çekilip: – Sen bu jaýlara saýaňy salmagyn, yzyň ýitmänkä, ýok boluber – diýdiler (“Görogly”). 2) arany açmak, uzaklaşmak. Ol atyna bir gamçy basdy-da, ýok bolaýdy. Ýokdan bar etmek ýeter-ýetmez günde gerekli zatlary tapmak, tapyp oňňut etmek. Ene urşuň haýhatly günlerinde hem ýokdan bar edip, atasyz galan çagajyklaryny hor etmän saklapdy. Ýok etmek 1) ýitirim etmek, güm etmek, ýoklamak. Sen kitaby nirä ýok etdiň? 2) kemçiligiň, ýetmezçiligiň soňuna çykmak, olary düzetmek. Şu görkezilen kemçilikleri tiz ýok ediň.3) derbi-dagyn etmek, çym-pytrak etmek. 4) tüketmek, sowup, harçlap gutarmak (pul hakynda). Ýok ýaly bary-ýogy bildirmeýän, tertipli hem ýuwaş. – Pylankesiň ogly ýaly bolup bolaýsa, edil ýok ýalydyr, azary-bizary bolmaz.


Son arananlar: