turklehceleri.org

ýagyrny

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

ýagyrny

[ýağyrny], at. 1. Adamyň egninden pilçe süňkleriniň etegine çenli bolan aralyk, arka. Wüşi kel köýnegini ýokaryk çekip, ýagyrnysyny görkezdi (A. Gowşudow). 2. Köýnegiň arkany örtýän bölegi. Seň topraga ene diýýän ogullaň, Ýagyrnysy seňki ýaly derläp dur (B. Hudaýnazarow). Köýnegiň ýagyrnysyna der çykypdyr.
 ‣ Ýagyrnysyny gyzdyrmak ýagyrnysyna urup awundyrmak.
 ‣ Ýagyrnysyny ýere bermek – ýykmak, ýeňmek.


Son arananlar: