turklehceleri.org

ötgür

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

ötgür

[ötgür], syp. 1. Gowy kesýän, ýiti, kütek däl. Daglardan kuwwatly, derýa haýbatly, Ötgür almaz dişli, näheň sypatly (Magtymguly). 2. göç.m. Batly, gaty, çasly, ötgün. Onuň sesi nähili pessaý bolsa-da, Aýna ol bir hili ötgür, bir hili kuwwatly bolup eşidildi (B. Kerbabaýew). 3. göç.m. Berk, kesgitli, hiç hili sypaýyçylyk etmän.Ol ýene-de bir zatlar aýtmak isledi, emma has ötgür jogap berler öýdüp gorkdy (G. Kulyýew). 4. göç.m. Içiňden geçip barýan ýiti, täsirli. Ol ötgür gözleri bilen garady. 5. göç.m. Gowy eşidýän, sähelçe sesi syzýan, aňşyrýan, ýiti. Ol şemalsyz, gymyldysyz, asuda garaňkynyň içinde näçe diňirgese-de, onuň ötgür gulagyna ses-de gelmedi, çybşyldy-da eşidilmedi (B. Kerbabaýew). 6. göç.m. Ýaman azar çekdirýän, awundyryjy, agyryly. Odum ötgür, derdim köp, Hoş wagt bolup gülmez men (Magtymguly).
 ‣Ötgür degmek berk täsir etmek, örän agyr degmek.

Karaçay-Malkarca – Türkiye Türkçesi Sözlüğü (Nevruz, 1991)

ötgür

cesur, yiğit, yürekli. ~ tavlu caş: yiğit dağlı genci, ~ sözle: cesur sözler.


Son arananlar: