älem
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
älem
[ä:lem] I, at. 1. Ýer we kosmos giňişliginde materiýanyň ähli görnüşleriniň jemi.2. Ýer ýüzi, ähli ýer. Aý dogsa, älem görer (Nakyl). Özüňde ýok – älemde ýok (Nakyl).
‣ Äleme (dünýä) ot ýakdyrmazlyk ot gorsamak; garagollyk etmek. Älemi (dünýäsi) giňemek agyr ýagdaýdan, aladadan dynmak, kynçylykdan halas bolmak. Gyzyň älemi giňän ýaly boldy (G. Gurbansähedow).
ÄLEM [ä:lem] II, at. Halynyň gyrasyna salynýan nagyş, palasda nagyşdan öň gelýän gyra ýer.
ÄLEM [ä:lem] III, at, kön.s. Baýdak.
ÄLEM [ä:lem] IV, at. Gäminiň gitmeli ugruny görkezmek üçin goýulýan bellik.