turklehceleri.org

süňň

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

süň(ň)

[süň(ň)], at. 1. Adamyň bedeni, tutuş durky (düýp söze birinji, ikinji we üçünji şahsyň goşulmasy goşulyp ulanylýar. Meselem: süňňüm, süňňüň, süňňi we ş.m.). 2. göç.m. Asly, gelip çykyşy. Süňňi haramylar gaýtmaz raýyndan, Ýaşy gaýdyp, sakgal agarmak bilen (Zelili).
 ‣ Süňňi gagşamak bütin durkuň bilen titremek sandyramak. Şu ýerde süňňi gagşady. Süňňi gowşak aslynda, bedeninde bir hili gowşaklyk bolan. Süňňi sagat sagdyn bedenli, jany sag. Ol süňňi sagat adam. Süňňi ýeňil çalasyn hereket edýän, sagat. Enäniň süňňi ýeňildi. Süňňünden syzan perzent. Süňňüňden syzdyryp aýtmak tüýs ýürekden aýtmak. Süňňüň agarmak azap, ezýet, horluk görmek, zulum çekmek, halys bolmak. Süňňüň gowşamak bedeniňde bir hili gowşaklyk duýmak. Süňňüňi tutup bilmezlik sowukdan gahardan, gorkudan we ş.m. ýaňa özüňi asuda saklap bilmän titremek, galpyldy aralaşmak. Süňňüni tutup bilmän gagşady. Süňňüň syzmak nämedir bir zadyň boljaldygyny öňünden duýmak, aňmak.


Son arananlar: