turklehceleri.org

sähet

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

sähet

at. 1. Türkmenlerde köneden gelýän müneçjimçilik (astrologiýa) düşünjesine görä, ugralýan tarapda, ýerde ýa-da asmanda ýyldyzyň ýokdugyna esaslanylyp, bir işe başlamak, bir ýere ugramak (gelin getirmek, uzak ýola çykmak we ş.m.) üçin amatly diýlip hasaplanýan gün. Eý, Hemra jan, siziň ýurduňyza hem aýyň, günüň sähedi bilen gidermiz (“Saýatly – Hemra”). 2. Oglana dakylýan at.
 ‣ Sähet almak gelin edinjek tarap gyz çykarjak tarap bilen ylalaşyp, olardan toýuň boljak gününi anyklamak. Sähet bermek gyzly tarap gelin edinjege gyzy durmuşa çykarjak gününi düzgüne görä anyklap bermek. Sähet bellemek gyz çykjak, gelin ediniljek günüň sähedini kesgitlemek. Şu gün oňa mal kesdirip, sähet bellejekdiris (B. Kerbabaýew).


Son arananlar: