turklehceleri.org

sowuk

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

sowuk

syp. 1.at.Howanyň pes temperaturasy. Sowukdan ýaňa titremek. 2. at.Pes temperaturaly howa. Sowukda işlemek. Sowuga çydamly adam. 3. syp. Pes ýa-da ortaça pes gyzgynlykdaky. Sowuk çaý. Sowuk suw. Sowuk çorba. 4. syp., göç.m. Parhsyz, perwaýsyz, mähirsiz, yhlassyz. Ol bagşy bilen sowuk salamlaşdy (“Edebiýat we sungat”). Sowuk garaýyş.
 ‣ Sowuga daňlyp durmak sowukda üşäp durmak. Näme, sowuga daňlyp dursuň, öýe girseň bolmaýarmy? Sowuk urmak 1) howanyň gaty sowamagy sebäpli ösümlikleriň, ekinleriň ösüşi kesilmek. Ýapraklary sowuk urupdyr. 2) üşäp dümewlemek, nähoşlamak, sowuklamak. Ony sowuk urupdy. Sowuk uruş döwletler arasyndaky ikitaraplaýyn duşmançylykly, barlyşyksyz syýasat. Sowuk ýarag garpyşma söweşlerde ulanylýan kesýän, çapýan, sünjülýän ýarag. Sowuk dem almak hasrat çekmek. Sowuk uran palaç ýaly ysgynsyz, sagdynlygy giden.


Son arananlar: