soraşmak
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
soraşmak
[so:roşmok], işl. 1. Birnäçe bolup, bilelikde soramak (soramak sözüniň 1-nji, 2-nji, 3- nji, 4-nji manylary boýunça). Biz onuň durmuşy, iş ýagdaýy hakda soraşdyk. Hyrydarlar maşyny pylança soraşyp durdy. 2. Biri-birinden saglyk- amanlyk soramak. Iki ýaşulynyň biri beýlekisine salam berdi. Salam berlen onuň salamyny alandan soň: "Soraşyň!" diýdi. Salam beren: "Sizdendir" diýip, onuň ýüzüne seretdi. Şeýlelik bilen olar kimiň ýaşynyň uludygyny, kimiňkiň kiçidigini anyklamaga girişdiler.