turklehceleri.org

salgamak

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

salgamak

[salğamak], işl. 1. Eliňi ýa-da eliňdäki zady howada bulaýlamak, galgatmak, hereket etdirmek. Märekäniň aňry çetinde duran bir adam maňa elini salgap, ýanyna çagyrdy. 2. Eliňi ýa- da eliňdäki gamçyny, taýagy urulmakçy bolunýan adama, ata we ş.m. tarap gönükdirip bulaýlamak. Maňa eliňi salgarça sen kimmişiň?! Gamçyny ata salgamak. 3."Diýilýän zada pitiwa edemok, ony oňlamok, kabul edemok" diýen manyda eliňi yzlygyna bulap goýbermek. "Işine gaty ökde diýilýan adam siz bilen işleýärmi?" diýip soradym weli, ol ýüz-gözüni bürüşdirip, elini salgap goýberdi.


Son arananlar: