turklehceleri.org

nebis

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

nebis

[nevis], at. Maddy üpjünçilige ymtylyş, köp zada eýe boljak bolmak islegi, islegi kanagatlandyrmak meýli, şahsy peýdaňy bilmek islegi.
 ‣ Nebse çapmak nebsewürlik, açgözlülik etmek, öz hususy bähbidiňi aramak, zat diýip çarp urmak. Nebsiň agyrmak ýüregiň awamak, rehimiň inmek, haýpyň gelmek. Nebsiňe buýurmak öz islegiňi, arzuwyňy çäklendirip bilmek, özüňe erk edip bilmek, nebsiňe haý diýmek. Nebsiňe haý diýmek ser. Nebsiňe buýurmak. Nebsiň guly bolmak ýeke öz peýdaň üçin ýaşamak, diňe öz haýryňy gözlemek, nebsiň ugruna gitmek. Nebsiňi şaglatmak nebsewürlik etmek, nebsiňe haý diýip bilmezlik, nebsiň guly bolmak, nebsiň öňüne böwet bolup bilmezlik. Japbaklar nebsini şagladýanlardan, köpi gözläp, azdan galýanlardan däldirler (B. Kerbabaýew). Nebsiň oýanmak (otukmak) bir zada islegiň, höwesiň artmak, öz peýdaňy bilmek.


Son arananlar: