maýa
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
maýa
[ma:ýa] I, at. 1. Bugradan gaýan, arwanadan bolan inen düýe. Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin (Mollanepes). Bahar bolsa çarwadarlar çykarlar, Otlagynda ner-maýalar bakarlar (Misgingylyç). 2. "Gyzym, köşegim" manysynda maýam görnüşinde aýdylýan söz. 3. Gyza dakylýan at.
‣Maýa ýaly (dek) owadan, görmegeý, etli-ganly aýal maşgala. Orta ýaşly, gara saç, Salyhatly, mähirli, Maýa ýaly bir aýal (O. Täçnazarow). Maýa oty dermanlyk ösümlik.
MAÝA [ma:ýa] II, at. Köpeltmek üçin goýulýan gor, tygşytlanan pul, emläk, baýlyk.
‣Maýa goýujy maýa goýum taslamalaryna maýa goýumlaryny goýmagy amala aşyrýan ýuridik ýa-da fiziki şahs. Maýa goýumlary telekeçilik işiniň hem-de başga görnüşdäki işleriň obýektlerine goýum edilip goýulýan, şonuň netijesinde hem peýda alynýan ýa-da durmuş ähmiýetli netije gazanylýan emläk, oňa intellektual gymmatlyklaryň ähli görnüşi hem degişlidir.
MAÝA [ma:ýa] III, at. Towugyň guzlaýan ýerini üýtgetmezligi, hürri guzlamazlygy üçin ketegine atylýan ýumurtga. Ketege maýa atmak.
MAÝA [ma:ýa] IV, at. Gönezlik, hamyrmaýa ýaly turşadyjy, aldyryjy jisimler, maddalar.
MAÝA [ma:ýa] V, at. Bir zadyň düýp özeni, esasy. Hemme zadyň maýasy saglyk.
MAÝA [ma:ýa] VI, at. Dyrnagyň et bilen bile birleşýän ýeri. Tiken dyrnagymyň maýasyna urupdyr.