turklehceleri.org

maý

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

maý

at. 1. Belli bir wagt aralygy, salym, pursat. Garaşyp oturmaga maý ýokdy. 2. Çeme, tagaşyk, maýaç. Ol iki ýana urnup, özüniň gollaryny giň germäge maý gözleýärdi (G. Kulyýew). 3. Amatly ýagdaý, mümkinçilik.
 ‣Maý almak pursat aramak, bat almak, çemelenmek. Garawul hem ogryn basyp, tamyň düýbüni syryp, aralykdan boýnuny uzatjak adamyny peýläp, bir ädim ara goýup maý aldy (A. Gowşudow). Maý bermezlik mümkinçilik bermän, öňüni böwetlemek, amatly ýagdaý, pursat döretmezlik. Bahar oňa öwünmäge maý bermedi (A. Gowşudow). Maý tapmak çemesini, amatly ýagdaýyny, pursatyny tapmak, wagt taýdan amatyna salmak. Käýarym hem bilini ýazmaga maý tapdy (R. Gelenow).


MAÝ [ma:ý], at. Milady senenamasy boýunça ýylyň bäşinji aýy.


Son arananlar: