turklehceleri.org

humar

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

humar

[huma:r] I, at. Esasan, pul goýlup oýnalýan oýun, pully oýun. Onuň ogurlyk etmeýänini, humar oýnamaýanyny bilýärdi (B. Kerbabaýew). Garry ölenden soň, ogly bagyň ugruna-da seretmän, humar oýnamak bilen wagtyny geçirer eken (A. Gowşudow).
 ‣Humary ala oturmak täleýi ters gelmek, keç ykbal bolmak, kyn güne uçramak.


HUMAR [huma:r] II, at. Bir zatdan alynýan keýp, lezzet. Zaňňar ukyň humary bilen pallap gelýär-ow (“Görogly”).
 ‣ Humardan çykmak bir zadyň hezil edip keýpini görmek.


Son arananlar: