guýruk
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
guýruk
at.1. Haýwanyň oňurga ujasynyň uzalyp gidýän syrtky inçe bölegi. Düzje ýola düşen mes taýhar guýrugyny bulaýlap dikgirdedi. 2. Goýnuň türre tarapyndaky ýumşak ýag bölegi. Guýrugy elek ýaly tokly. 3. Guş, balyk ýaly jandarlaryň yzky, syrtky bölegi, yz tarapy. 4. göç.m. Bir toparyň ýa-da bir adamyň tarapdary, onuň yzyna eýeriji (ýaňsy äheňinde).
‣Guýrugyny ýamzyna gysmak müýnürgemek, çekinmek, gorkmak. Guýruk bulamak birine ýalynjaňlyk etmek, ýaramsaklyk etmek; iki baka sypjyklamak. Guýruk gapdyrmak möjek bilen urşan ite goýnuň guýrugyny iýdirmek. Möjekler bilen gemrişip, munça iş bitiren itlere bir guýruk gapdyraýyn (A. Gowşudow). Guýruk tutdurmazlyk müň bahana tapyp, sözünde durmazlyk, sypjyklyk etmeklik.