gutarmak
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
gutarmak
[gutormok], işl.1. Zat galmazlyk, tükenmek. Myhman çaýyny içip gutardy. 2. Bes etmek, tamamlamak, tükellemek. Uzuk düýn dokmasynyň iň soňky gölüni gutaryp ýatypdy (H. Derýaýew). 3. Aladadan, işden we ş.m. halas etmek, dyndarmak. Muny gapy-gapy elenip ýörmekden gutaralyň! (“Görogly”). 4. gepl.d. Jan bermek, aradan çykmak, ýogalmak, ölmek, aýrylmak, gaýtmak. 5.gepl.d. Gaty horlanmak, gutumyň guramak. – Saňa näme boldy, gutarypsyň-la? 6. Gutarmak işliginden soň barmak, gelmek ýaly kömekçi işlikler gelip, täze manyly düzümli işlikler ýasalýar: Gutaryp barmak gutarmaga ýakynlamak, bir işiň tamamlanmagyna, bir zadyň gutarmagyna, tükenmegine az galmak. Gutaryp gelmek tamamlamaga, gutarmaga, tüketmäge ýakynlamak, az galmak, gutaryp barmak, bolup barmak. Edip oturan işimi gutaryp gelýän. Gutarara gelmek gutarjak-gutarjak bolup durmak, iýip gutaraňkyrlamak.– Öňümde käseläp goýan gawunyňy gutarara geläýipdirin. 6. Kömekçi işlik hyzmatynda ýanaşyp gelýän işligi bilen birlikde gymyldynyň bolup gutarandygyny görkezýär. Ýazyp gutarmakýazmak işini tamamlamak.Iýip gutarmak soňuna çenli iýmek, hemmesini iýmek.
‣Gutarar ýerde gutarmazlyk gutarmaly ýerinde, gutarmaly wagty bes etmezlik(edilýän gürrüň hakynda). Ol suw küýzä ýel düşen ýaly bolup, başlan gürrüňini gutarar ýerde gutarmady. Işini gutaran! dereksiz iş bilen meşgullanýan, bolgusyz hereket edýän, bolgusyzlyk edýän adama aýdylýar. – Haý, işini gutaran. Şu boýuňa aşyk oýnamaly bolduňmy!?