turklehceleri.org

garalamak

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

garalamak

işl. 1. Gara reňke öwürmek, reňkini gara etmek. 2. tikinç. Nagşa öwüşgin bermek üçin onuň daşyna gara zolak çekmek. Tahýany gaýamazdan öň gara ýüpek bilen garalamaly. 3. Hapa etmek, hapalamak, kirletmek, gara ýokdurmak. Gazan göterip, elimi garaladym. 4.Daşyna gara çalmak, ýaglamak, gara reňk bermek. Ädigiňi garalamak. 5. göç.m. Töwereginden seredip, gözden ýitirmän ýöremek, yzyna düşmek. Wüşi kel töweregimizden garalap ýöräpdir (A. Gowşudow). 6. hukuk. Birini günäli hasaplamak, aýyplamak, günälemek.
 ‣Garaladym etmek edýän işiň esasy bölegini gutarmak.


Son arananlar: