turklehceleri.org

gabamak

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

gabamak

[ga:vamak], işl. 1. Töwerek-daşyna halkalaýyn aýlanmak; gabawa düşürmek, daşyny gurşamak. Balkan daglarynyň öňüni käte-käte gara bulutlar gabap alýarlar (B. Pürliýew). 2. Uruşda duşmanyň daşyny almak, çykjak ýerini beklemek, töwereginden gysmak. Galanyň daşyny sekiz ýüz atly gabapdy (G. Kulyýew). 3. Gabaw ýerine salmak, bir ýere gysmak. Haýwanlaryň baryny bir saraýa gabaň- da, agzyny daşyndan gulplaň (B. Kerbabaýew). Oglanlar öz tutan awlaryny ýene gapyrjaga gabadylar (N. Esenmyradow). 4. göç.m. Söz bilen alarlatmak, daşyna geçmek, degmek, darykdyrmak, gyssamak. Her haýsysy bir zat diýip, Gabaýarlar Ogullany (K. Gur- bannepesow).


Son arananlar: