turklehceleri.org

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

[e:ý],Uzagrak ýerde duran birine habar gatylanda ýa-da birine ýüz tutulyp gygyrylanda ulanylýan ümlük. Eý, inim, şu piliňi maňa beräýseň, ini hakyny hakladygyň bolardy (K. Jumaýew).


EÝ [eý],üml.I Ýokary içki duýgyny ýüze çykarmak üçin ulanylýan ümlük (birine ýüzlenilende gabat gelýär). Eý, ynsanperwerlik, ýaşa sen, ýaşa! (B. Hudaýnazarow).


EÝ II, hal.Gowy, eziz.
 ‣Eý görmek eziz görmek, söýmek, gowy görmek. Adamyň eý gören, ynanan zady / Bir gara daş bolup çökýär ýüregne (G. Ezizow).


EÝ III, at. Derini, hamy işläp bejermek üçin ulanylýan ýörite taýýarlanan garyndy we eýlemek işi. Derä eý bermek.
 ‣Eýini ýetirmek temmi bermek, suwuna degmek; urmak, ýençmek. Eýi ýetmek ýeterlik eý berilmek, gowy eýlemek. Eýi ýeten ýuka teletin.


Son arananlar: