turklehceleri.org

aýry

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

aýry

I, syp. 1. Özge, başga. 2. göç.m. Üýtgeşik lezzetli, ýakymly, şypa beriji, ýaramly. Tüsse siňen gök çaýyň aýry bolýar lezzeti (K. Gurbannepesow). 3. Özbaşyna, özbaşdak, biri-birinden üzňe. Enesinden aýry ýatmaz oglanlar, Ýa reb, gören barmy bulardan, iller? (Magtymguly).
 ‣ Aýry görmezlik kem görmezlik, pes tutmazlyk, deň görmek. Ol goňşy çagalary öz ogul-gyzlaryndan aýry görenok. Aýry tutmak ala tutmak, bir gözde görmezlik. Onuň işgärleri aýry tutmasy ýokdur.


AÝRY II, at. Iki örküçli düýe, maýa, bugra. Garry batyryň kerweni bir iner hem aýrydan ybaratdy (A. Gowşudow).


Son arananlar: