turklehceleri.org

aw

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

aw

[a:w], at. 1. Ýabany haýwanlary, guşlary atyp ýa-da duzak gurup tutmak bilen bagly pişe, şikär. Gara atlaryny eýerläp, elguşlaryny alyp, Myraly bilen Soltansöýün atlanyp, köşkden çykyp, awa ugradylar (“Myraly we Soltansöýün”). Ýöne awuň gyzygy, ýaşlyk şol zatlara kän ünsem berdirmedi (“Watan”). 2. Atylyp ýa-da başga tär bilen tutulýan, awlanylýan ýabany haýwanlar we guşlar. Gadym eýýamda aw kändi, emma awlamak kyndy, zamana gorkulydy (A. Gowşudow). 3. göç.m. Düşewünt, gazanç; peýda. Beýle awy duşuňdan geçirip bolmaz (B. Seýtäkow).
 ‣ Awa salmak tazyny, elguşy aw awlamak üçin goýbermek, aw etdirmek. Awa salynjak tazy ýaly galagoply ýagdaýda, howsalaly halda. Aho-w, sen çynyrgadyp barýarsyň-la, men bir hili awa salynjak tazy ýaly galpyldap başladym (A. Durdyýew). Aw bilmek ujypsyz zady düşewünt, gazanç hasaplamak. Ol sähel zady aw bilýärdi. Aw bolmak biriniň ýa bir zadyň duzagyna düşmek, bir zatdan ýaňa heläk bolmak. Heý, garry köpek, ahyrynda sen garry gaplaňa aw bolduň-ow (N. Pomma). Aw ganly aw oňdy, aw şowly (aw ganlymy, janly? diýen soraga berilýän jogap). Aw ganly bol-a! awuň şowuna düşsün, awuň şowly bolsun! Aw ganlymy, janly? şowlumy ýa şowsuz. Aw janly aw oňmady, aw şowly däl (aw ganlymy, janly? diýen soraga berilýän jogap).

Dîvânü Lugâti’t-Türk Dizini (TDK)

aw

av·I, 81


Son arananlar: