turklehceleri.org

atly

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

atly

syp. 1. Aty bar bolan. Bedew atly, demir donly Görogly (“Görogly”). Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda, Bir tört atly gelip: "Turgul!" diýdiler (Magtymguly). 2. Ata münüp oturan. – Muhat aga, ol atly gitdimikä? – diýip, şol tegelek ýüzli ýigit ýene-de sorady (N. Pomma). Ol gelýän atly kim? 3. At münen nöker. Soňra patyşa galada bar atlyny jemletdi (“Görogly”). 4. Oglana dakylýan at.


ATLY [a:tly], syp. 1. Il arasynda ady ýaýran, ile özüni tanadan, şöhraty ile dolan, at gazanan. Toýa atly bagşylar geldiler. 2. Adyndaky, at berlen, ady bolan. Depderler içinde bir kitap gördüm, "Kysasyl enbiýa" atly, ýaranlar! (Magtymguly).


Son arananlar: