alyn
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
alyn
[a:lyn], at. 1. Maňlaý. Halal zähmetiň, alyn deriň bilen gazananyňy maşgalaňa harç edip, barha güzeranyňy gowulandyrmak her bir adama göwün rahatlygyny bagyşlaýar, ruhuny belent saklaýar (“Türkmenistan”). 2. Öň, maňlaý tarap, öň tarap.
‣ Alyn diş adamyň we oňurgaly haýwanlaryň ýokarky äňinde ýerleşýän isgene şekilli bir kökli diş. Adamda alty sany alyn diş bolýar. Alny gara betbagt; keçjal, hötjet. Ol alny gara-da tiz bejer diýsem, ýüz takal okar (A. Durdyýew). Alnyna barsyn! merhumyň hatyrasyna degsin edilip, okalan aýat-töwwiriň onuň ruhuna siňmegi dileg edilip aýdylýan aňlatma. Alnyna gelmek geň gören zadyňa duçar bolmak, öz başyňa düşmek. Alnyndan diremek kömek etmek, goldaw bermek, bir zada kömekleşmäge wagtynda ýetişmek, maňlaýyndan diremek. Adybeg ýykylan-sürşen ýerimizde biziň alnymyzdan direýär (“Görogly”). Alnyň açyk bolsun görjek günüň hemişe gowy bolsun. Başyňyz dik bolsun, alnyňyz açyk, gaýgydyr hasraty görmäň siz baky (B. Hudaýnazarow). Alnyň-bagtyň açyk bolsun! bagtly bol, durmuşyň gowy bolsun (durmuşa çykýan gyza edilýän dileg). Alnyňy diremek kömek, haraý isläp bir ýere barmak, ýüz tutup görmek. Alnyňy hak açsyn! bagtyň açylsyn, maňlaýyň açyk bolsun, görjegiň gowy bolsun. Sonam, alnyň hak açsyn, Nirde gezseň, sagja gez (A. Alamyşow). Nämäň alnyndan pylany kimmişin, ol hiç kim, elinden geljek zat bolmaz, diýen manyda ulanylýan aňlatma. O nämäň alnyndan, ondan hiç kim gorkanok.