turklehceleri.org

ýurt

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

ýurt

[ýu:rt], at. 1. Döwlet, belli bir araçägi bolan ýer giňişligi. 2. Ilatyň göçen ýa-da oturymly ýeri.
 ‣Ýurdunda ýel ösdürmek hiç zatsyz galdyrmak, ýok etmek. Ýurduňda ýel öwüsmek nam-nyşan almazlyk, hiç zatsyz galmak, ýurduň tozmak. Ýurdunda ýumurtga togalabermeli etmek derbi- dagyn etmek, ýumurmak. Ýurduny başgalamak aradan çykmak, ölmek. Ýurdy baglamak baýlyk, mülk, güýç we ş. m. boýunça meşhur bolmak. Çerkeziň syratyna, güýjüne garanda, ýurdy baglan pälwan bolaýmalydy (B. Kerbabaýew). Ýurdy bulamak bozgakçylyk, erbetçilik, bimazaçylyk etmek, ýurdy çaýkamak. Ýurdy çaýkamak ser. Ýurdy bulamak. Ýurt çalmak täze ýurdy bellemäge gitmek, gonuljak, göçüp baryljak ýeri öňünden görmek. Kimkä? Bagşymyka ýa-da ýurt çalyp ýörenmikä? (N. Saryhanow). Ýurt baştutany döwletiň ýolbaşçysy. Ýurtda galan ejiz, biçäre, ýalňyz, ýeke, hossarsyz. – Neneňsi, şu ýurtda galan ýumruk ýaly oglana eliň göterilýär?! – diýip, yzyna gaýtdy (H. Derýaýew). Ýurt salyp gitmek watanyňy taşlap, başga bir ýurda gitmek, iliňi terk etmek, oturymly ýeriňi taşlamak. Ýurt salyp gitmäge ýeke gara başyňmy näme? (Ý. Pirgulyýew). Ýurt soramak höküm sürmek, öz diýeniňi etdirmek. Ýurt sökmek aýlanmak, gezmek, syýahat etmek. Ýurt tutmak jaý gurunjak ýeriňi bellemek. Ýurt ýykan 1) bet, kezzap, hilegär, ýaman; ýakymsyz. 2) ahlak taýdan bozulan, bozuk, ilden çykan.


Last searches: