turklehceleri.org

öwürmek

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

öwürmek

[öwürmök], işl. 1. Kelläňi, ýüzüňi bir tarapa aýlamak. Ogrynça kellesini öwrüp, onuň ýüzüne assyrynlyk bilen seretdi (H. Ysmaýylow). 2. Bir ugra, tarapa gönükdirmek, ýoluny üýtgetmek. Sürüji maşyny saga öwürdi (“Edebiýat we sungat”). 3. Bir ýagdaýdan başga bir ýagdaýa geçirmek, öňki görnüşini üýtgedip, täze görnüşe salmak. Dostluk, doganlyk, agzybirlik, adalatlylyk, parahatçylyk ýoly bilen ýöräp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany kuwwatly, beýik döwlete öwürmekde mähriban halkyma bil baglaýaryn (Gurbanguly Berdimuhamedow, Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr). Suwy buga öwürmek. 4. Beýleki tarapyna agdarmak; bir ýüzünden beýleki ýüzüne geçirmek. Ol kagyzy beýleki ýüzüne öwürdi- de, nämedir bir zatlary okady. 5. gepl.d. Alyş-çalyş, söwda-satyk bilen meşgullanmak, söwda etmek, alyş- çalyş etmek. Mallary pula öwürmek.


Last searches: