çüňk
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
çüňk
I, at. Iýmit we başga gerek bolan zatlary çokup almak üçin guşlaryň agzynyň buýnuz görnüşli süýnmejik ujy, çokja. Serçe ýene-de çüňki ýelekli gitdi (A. Orazmyradow).
ÇÜŇK II, at. 1. Jaýyň, haýatyň we ş.m. zadyň iki diwarynyň birleşýän burçy. 2. Jaýyň, haýatyň iki diwarynyň birleşýän burçunyň töweregindäki ýer, öwrüm. Dursun özüni ýere oklap, dazyrdap çüňkden öwrüldi (H. Ysmaýylow). 3. gepl.d. Ýasy bir zadyň dört gyrasynyň ujy, gapdalynyň gutarýan we öwrülýän ýeri. Ol matanyň bir çüňkünden tutup saklap durdy.