nomer
Uzbek—English Dictionary (Dirks, 2005)
nomer
number; issue (of publication); size (of clothing); room (in hotel); (arch. coll.) hotel; member (of gun crew). (Russian).
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
nomer
[no:mer / no:mur], at, gepl.d. 1. Bir meňzeş zatlaryň tertibini, yzygiderliligini görkezýän belgi ýa-da san (ser. Belgi we San: tertip san belgisi. ). Ol haýsydyr bir nomeri sorady (A. Gowşudow). 2. Geýim, aýakgap we ş.m. zatlaryň san bilen bellenen ölçegi. Egnindäki on alty nomer ýeke nil tüpeňiniň nili gaty ýokarda somalyp görünýärdi (A. Gowşudow). 3. Belli bir tertip, san bilen yzygiderliligi bellenýän zat. Mekdeplerde diwar gazetleriň nomerleri yzygiderli çykarylýar. 4. Myhmanhanada, hammamda we ş.m. aýratyn otag, jaý. 5. Konsertiň we ş.m. ýerine ýetirilýän, görkezilýän aýratyn bir görnüşi. Konsertiň nomerleri biri-birinden gyzyklydy (B. Annageldiýew). 6. göç.m. Bir maksat bilen edilýän iş, pyrryldak. Seniň ol nomeriň geçmedi.
‣ Nomere goýmak gepl.d. bir işi bitirerin diýip bitirmän ýa bolmasa, başga bir zat edip, oňaýsyz ýagdaýda goýmak.