turklehceleri.org

jaň

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

jaň

at. 1. Misden ýa-da mis garyndyly metal erginden ýasalyp, jyňňyrdar ýaly içinden dil asylyp goýlan çowlurak enjam. Elmydama onuň boýnunda ýiti seslije jaň bardy (B. Gurbanow). Sapaga girmek üçin jaň kakyldy. 2. Metaldan ýasalan jaňjagaz ýa-da ses signaly üçin enjam. 3. Jaňjagazdan ýa-da enjamdan çykýan ses, jaňňyrdy, jyňňyrdy. Sapaga jaň boldy. 4. Jaň sözüniň soňundan etmek kömekçi işligi gelip, gymyldy-hereket aňladýan düzümli işlik ýasalýar: Jaň etmek (urmak) birine telefon etmek. Sen maňa jaň uran ekeniň, Annatuwak, näme menlik iş barmydy? (B. Kerbabaýew).


Last searches: