turklehceleri.org

iýmek

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

iýmek

işl. 1. Iýmit kabul etmek, naharlanmak, iýmitlenmek. Türkmen çöregini, türkmen tagamyny iýen ikinji gezek iýsem diýip arzuwlaýar (“Watan”). 2. Igletmek, dargatmak. Iň bolmanda, kislotanyň metaly iýýändigini-hä inženerler hem bilýär ahyry (“Watan”). 3. göç.m. Biriniň hakynyň ujundan almak, ýonmak, öz hasabyna geçirmek. Kişiň hakyny iýjek adam däldir (H. Derýaýew).
 ‣ Iýeni aýry gitmezlik ýakyn dostluk gatnaşygynda bolmak, syr alyp, syr berişmek, dogan ýaly bolup gezmek. Ol ikisi iýeni aýry gitmeýän dostdy. Iýen nanyna degmezlik elinden iş gelmezlik, iş başarmazlyk, iýeniňi haklamazlyk. Gözel bardyr dünýä malyn iýdirseň, Bardyr gözel iýen nanyna degmez (Magtymguly). Iýeniň burnuňdan gelmek görgi baryny görmek, horluk görmek. Iýeniň haram bolsuniýeniň janyňa batmasyn, burnuňdan gelsin. Iýip barmak1) diňkäňi dikmek, gözüňi aýyrman içgin seretmek. 2) gaharlanmak, azm urmak.


Last searches: