Otly
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
otly
[o:tly] I, at, gepl.d.Demir ýol bilen hereket edýän tirkegli ýük we ýolagçy ulag düzümi. Gatbar- gatbar jaýlar ýoluň ýeňsesi, Uzakdan eşidilýär otlynyň sesi (A. Kekilow).
OTLY [o:tly] II, syp. 1. Ujunda, aşagynda, içinde ot ýanyp duran. Ol ýanyp duran otly kesindini eline aldy. 2. Örän gyzgyn, howurly, jöwzaly, gaty yssy. Otly tomusdan soň jomart güýz geldi.
‣Otly köýnek geýmek kalbyňa howul düşmek, howsala düşmek, başyňy nirä urjagyňy bilmezlik. Gitdiler, indi men yzlarynda otly köýnek geýip otyryn (H. Derýaýew). Otly tagana atarmak oda atmak, ýakmak, ýandyrmak, gynamak, ejir çekdirmek. Aýna näme bolanyny bilmän, otly tagana ataryljagyma gözüm ýetse-de, men ony taşlap gitmen (B. Kerbabaýew).