ýokary
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
ýokary
[ýokory], at. 1. Ýer bilen asmanaralygyndaky giňişlik, ýerden asmana tarap bolan ugur. Ejem howanyň ýagdaýynyň bozulýanyny görüp, ýokary seretdi. 2. Aşakdan ýokarlygyna, ýokaryk. Sen ýokary uçanymyzdan soň, meniň arkamdan süýşüp, ýykylyp ýörme (“Türkmen halk ertekileri”). 3. Artyk, köp. Daşary ýurtlarda türkmen nebitine we gazyna isleg ýokarydyr (“Watan”). 4. Gowy, göreldeli, artyk. Ýokary netije gazanan gallaçylar az däl (“Türkmenistan”). 5. Gymmatly, möhüm, belent. 6. Günüň dogýan tarapy, gündogar (garşylykly sözi: aşak). Obanyň ýokary çeti. 7. Belent, inçe äheňli (ses hakynda). Juma bu sapar şahyryň başga bir goşgusyny bir perde ýokary galyp, has joşup gygyrdy (G. Kulyýew). 8. Güýçli, batly. Kädiniň gögerijiligi ýokary. 9. Derejesi boýunça ähmiýetli, uly. 10. Iň gowy, iň oňat, has ýagşy, has gowy. Ýokary hilli haryt. 11. gepl.d. Ýokarda durýan döwlet edarasy. Mekdebimize ýokardan adam gelipdir. 12. Bilim ulgamynda ýörite orta bilimden soňky (basgançak). Okuwymyzy dowam etdirdik, ýokary bilim aldyk (“Edebiýat we sungat”). 13. Öýüň töri, tör. –Ýokary geçip oturjak däl – diýip, iç işikde aýak üstünde oturdy-da, aman-esenlik soraşdy (A. Gowşudow). 14. Her bir zadyň ýokary tarapy, üsti. Jöwenlikleriň ýokarsynda entek serçe sürüleri güsürdeşip uçýardy.
‣ Ýokary basyş 1) lukmanç. gan basyşynyň ýokarlanmasy. 2) howa basyşyndan ýokary bolan basyş. Ýokary göteriliş möwç alyş, ýaýbaňlanyş, ösüş, kuwwaty, depgini artyş. Zähmetde täzeden ýokary göteriliş başlandy.