ýaňa
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
ýaňa
[ýaňa:], 1. Tarap, ugur görkezýän kömekçi söz. Süri bir ýaňa dyzamagy meýil hem etmeýärdi (B. Gurbanow). 2."Üçin, sebäpli, ötri" ýaly manylary aňladýan kömekçi söz. Ýoluň iki gyrasyndaky baglykdan ýaňa aňyrsyndaky ekin meýdanlary görünmeýär.