ýapy
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
ýapy
I, at. Depäniň we beýikligiň ýapgyt ýeri, aşak inýän ýüzi. Ol jaý kiçiräk ýapynyň üstündedi.
‣ Ýapa degirmezlik ýalan sözlemek, çypdyrmak. Halypa, batyr, gaty görme, myçansyň, asyl ýapa-da degren dälsiň (B. Kerbabaýew). Ýapy ýaly dolmuş, gerdenlek, daýaw, göwresi uly. Annaguly söwedeň, garaýagyz, burunlak, ýapy ýaly pyýada bolup ýetişdi (A. Durdyýew).
ÝAPY II, at. 1. Bir zadyň üstüni, agzyny ýapmak üçin gerek bolan zat. "Tamdyryň agzy ýapysyz galypdyr" diýip zeýrendi (A. Gowşudow). 2. Ýara ýapylýan melhem, melhemli daňy. Bu ýapylary näme üçin ýapdyňyz?