turklehceleri.org

ýan

Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)

ýan

[ýa:n], at.1. Adam ýa-da haýwan bedeniniň sag ýa-da çep gapdaly, böwri. Ol eli bilen agyrýan sag ýanyny tutdy.2. Tarap, ugur. Haýsy ýana ser salsaň, äpet-äpet depeler ýatyr (“Edebiýat we sungat”). 3. Aýal-gyzlaryň köýneginiň aşyrysynyň goltuk tarapyna, köýnegiň etegine çenli urulýan uzyn mata bölegi. Keteni köýnegiň ýany. 4. Bir zadyň gapdaly, golaýy, ýakyny. Sürüjiniň ýany boşdy. Men olaryň ýanynda oturdym.
 ‣Ýan bermek ýakyn adamyň ölümi, kesel we ş.m. sebäpli asgynlamak, ýata hassa bolmak.Oglunyň öldi habary gelenden beýläk uzaklaşdyrman, ene ýan berdi. Ýan bermezlik diýeniňi berk tutmak, öz gepiňi gögertmek üçin ýeň bermezlik (ser. Ýeň: ýeň bermezlik). Emma ejesi ýan bermedi (“Şasenem – Garyp”). – Men muny hak gözünden eşitdim – diýip, Pirguly beg ýan bermedi (A. Gowşudow). Ýan janly adam ölende sadaka diýip öldürilýän ownuk janly (goýun, tokly). Ýan tazysy ýaly biriniň yzyna düşüp ýören, biriniň ýanyndan elmydama aýrylmaýan, hemişe bile gezýän. Ýan tazysy ýaly bolup, hiç Tyllanyň gapdalyndan aýrylanok (T. Taganow). Ýanyny alyp durmak biriniň ýanyndan aýrylmazlyk, durmak, garşysynda, öňünde, gapdalynda, ýanynda köp wagtlap durmak. Her kimiň öz işi-derdi bardyr, beýdip ýanyny alyp durmaň. Ýanyny ýere bermek agyr syrkawlap ýatmak. Eňkamy gidip, ýanyny ýere berdi (H. Derýaýew). Ýanyň ýere degmesin esasan, pälwana "göreşde ýykylma" diýlen manyda aýdylýan dileg.


Axir izdelgen sözler: