Çyn
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
çyn
I, syp. Hakykata dogry gelýän, ýasama däl, hakykat, hakyky. Çyn dost. Çynyňy aýtmak. Çyna berimsiz edil çyn ýaly, bir kemsiz, hakyky zat ýaly edilip aýdylan (ýalan söz hakynda). Ol görmedik, eşitmedik zatlaryny çyna berimsiz edip gürrüň berýärdi. Çynyňy etmek bir işi ýerine ýetirmek üçin çynlakaý ýapyşmak. Berekella, çynyňy etseň biljek-le (T. Jürdekow).
ÇYN II, syp. Çynda, Hytaýda ýasalan. Çyn käsesi.